"Men Zehinli" atly bäsleşik

Просмотров 24534
  • КатегорияКонкурс
  • Опубликовано:  2 года назад
Gadyrly dostlar, «Zehinli» Internet portaly täze bäsleşik taslamasyny yglan edýändigini uly joşgun bilen siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Bu bäsleşik ilkinji sapar geçirilip, «Nowruz baýramynyň» şanyna bagyşlanýar we «MEN ZEHINLI» ady bilen geçirilýär. Bäsleşige hemme isleg bildirenler gatnaşyp biler. Munuň üçin Siz biziň info@zehinli.info, zzehinli@gmail.com, Instagram: @zehinli.info, Skype: turkmenproject, Line ID: zhb6282s elektron salgymyza özüňiziň ýerine ýetiren aýdymlaryňyzy, goşgularyňyzy, gutlaglaryňyzy, öz durmuşyňyzdaky dabaraly pursatlaryňyz, öz üstünlikleriňiz we ýeten sepgitleriňiz baradaky wideolary ugratmaly. Ýerine ýetirilen çykyşlar ýekelikde ýa-da köpçülikleýin görnüşde hem kabul edilýär. Zerur ýagdaýynda bäsleşige gatnaşyjy öz wideosynyň awtorydygy barada delil geçmeli.  Siziň ugradan ähli wideo materiallaryňyz http://video.zehinli.info wideoportalynyn «MEN ZEHINLI» (http://video.zehinli.info/view_channel/Oj) wideokanalyna ýerleşdiriler.  Besleşigin ýenižilerine Zehinli portalynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar beriler: 1-nji ýer  HOCO Ultra 4K HD 1080P WiFi 2-nji ýer   Smart watch 2 Ýenijileri seçip almak «Zehinli» Internet portalyny ulanyjylarynyn LIKE goýmaklary arkaly amala aşyrylar. Özünde ýaýradylmagy gadagan edilen maglumatlary jemleýen wideolar kabul edilmeýär. Öz wideolaryňyzy ugradyň we öz dostlaryňyzy Size ses bermeklige çagyryň! 

    Следующее

    Автовоспроизведение